“Seýitnazar Seýdiniň şygryýetinde söýgi we watançylygyň waspy” atly wideorolik taýýarlamak boýunça geçirilen bäsleşik

2025-nji ýylyň 15-nji martynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Seýitnazar Seýdiniň şygryýetinde söýgi we watançylygyň waspy” atly wideorolik taýýarlamak boýunça geçirilen bäsleşikde lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň I ýyl talyby Oguljennet Gurbanowa II orny eýeledi we ýörite diplom bilen sylaglandy.