“Oftalmologiýanyň wajyp meseleleri”

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keseller ylmy-kliniki merkezinde 2023-nji ýylyň 20-nji maýynda “Oftalmologiýanyň wajyp meseleleri” atly ilkinji halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň Oftalmologiýa komiteti, Myrat Garrýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keseller ylmy-kliniki  merkezi we göz keselleri kafedrasy tarapyndan gurnaldy. Oňa ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden oftalmologlar, şol sanda Türkiýe Döwletinden ýörite çagyrylan oftalmohirurg, lukmançylyk ylymlaryň doktory, professor Ishan Ýylmaz gatnaşdylar.

Ylmy forumda: refraksion bozulmalaryň häzirki zaman düzediş usullary, diabetiki retinopatiýanyň irki anyklanylşynyň we dikeldilşiniň meseleleri, wagtyndan öň doglan bäbekleriň retinopatiýasynyň skriningi we monitoringi, gabaklaryň onkologiki kesellerinde we oftalmogerontologiýada blefaroplastiki goşulşmalaryň görnüşleri ýaly oftalmologiýanyň iň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk hünärmeni öz çykyşynda gatnaşyjylary “LIV Hospital” (Stambul ş.) hassahanasynyň oftalmologiýa bölüminiň işi bilen tanyşdyrdy, kataraktanyň, miopiýanyň, astigmatizmiň hirurgiki bejergisinde ulanylýan häzirki zaman intraokulýar linzalara syn berdi. Gözüň yzky bölüminiň dürli çylşyrymly patologiýalarynda witreoretinal hirurgiýanyň häzirki zaman usullary görkezilen wideoşekiller örän göreldeli boldy. Maslahatyň nazary bölüminden soň, ýaş oftalmologlaryň gatnaşmagynda daşary ýurtly kärdeşimiz görüş agzasynyň dürli patologiýaly näsaglary barlagdan geçirdi we degişli maslahatlary berdi.

Maslahatyň maksatnamasy boýunça ikinji ýarymynda “janly hirurgiýa” üstünlikli geçirildi, ýaş oftalmologlara dürli refraksion bozulmalary korregirleýän (miopiýa, gipermetropiýa, astigmatizm), täze “Schwind Amaris - 750S”eksimer lazer enjamynda lazer emeliniň geçirilşini “onlaýn” görnüşinde synlamaga mümkinçilik döredildi.

Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň baş hünärmenleri bilen mejlis geçirildi, BSGG-ň Ýewropa sebitleýin býurosynyň 2023-nji ýylyň mart aýynda geçirilen Tehnik brifingiň netijelerine görä oftalmologiýanyň möhüm wezipeleri we tejribeli işgärleri taýarlamak barada agzalyp geçildi, soňky 5 ýyl boýunça  Türkmenistanyň oftalmologiýa gullugynyň işiniň seljermesi geçirildi.