Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaşlary halkara ylmy giňişlikde

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary 2025-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilýän «Ýaşlar ylymda – 2025» atly halkara ylmy foruma gatnaşýarlar. Belarus Milli Ylymlar Akademiýasynyň guramagynda geçirilýän bu giň gerimli çäre ýaş alymlara öz innowasion gözleglerini, ylmy netijelerini halkara derejesinde görkezmäge, täze tejribeleri alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň mümkinçilik döredýär. Uniwersitetiň ýaş alymlarynyň çykyşlary häzirki zaman lukmançylygynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanyp, alnyp barylýan ylmy gözlegleriň netijelerini öz içine alýar. Olaryň çykyşlary ýurdumyzyň ylmy abraýynyň halkara giňişlikde has-da belende göterer.