
2025-nji ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Atyrau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň Assosiasiýasynyň XXVII Baş Assambleýasy hem-de “Досмухамедовские чтения – 2025” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti resmi taýdan Assosiasiýanyň düzümine kabul edildi.
Assosiasiýa agza bolmak halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, Hazarýaka sebitindäki uniwersitetler bilen akademiki we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmäge we tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Bu waka Türkmenistanyň ýokary lukmançylyk bilimi ulgamynyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda ýene-de bir möhüm ädim boldy.