TDLU
Habarlar
Lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary onlaýn webinara gatnaşdylar
Lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary onlaýn webinara gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünliginiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň gatnaşmagynda geçirlen “Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty” atly onlaýn webinara Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.