Lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary onlaýn ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň 2 ýyllygy we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanan hem-de ylymda zenanlaryň we gyzlaryň halkara güni mynasybetli “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimini öwretmekde zenan alymlarynyň ylmy işleriniň dabaralandyrylyşy” atly onlaýn ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar.