
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny giňden belläp, uly üstünlikler bilen garşylaýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen döwründe güneşli Diýarymyzda ýüzýyllyklara ýaň salýan tutumly işler amala aşyryldy. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, raýatlarynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, raýat jemgyýetini yzygiderli kämilleşdirmekde, Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmakda, Ýer ýüzüniň ähli döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny berkitmekde, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda guwandyryjy üstünlikler gazanyldy.
Garaşsyz ýurdumyzy ýokary depginler bilen hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Bitarap döwletimiziň halkara abraý-mertebesini has-da belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandy bardyr. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegine öz halal zähmeti bilen uly goşant goşýan watandaşlarymyz sylag-hormata doly mynasypdyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, uçarlary we dikuçarlary sürmekde has öňdebaryjy usullary ulanmakda, aýdym-sazy ökdelik bilen ýerine ýetirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň, milli medeniýetiň, edebiýatyň, teatr, kino, telewideniýe, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, žurnalistikanyň we medeni aň-bilim edaralarynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary okatmaga we ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, zähmetsöýerlik, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli döredijilik işgärlerini taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň assistenti Tirkiş Atdaýew Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, deri we weneriki keseller kafedrasynyň assistenti Ogulmaýsa Abdalowna Kakabaýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar.