TDLU
Habarlar
Lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş wagyzçylary hem-de meýletinçileri onlaýn seminara gatnaşdylar
Lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş wagyzçylary hem-de meýletinçileri onlaýn seminara gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşjak ýaş wagyzçylary bilen geçiriljek okuwlaryň meýilnamasyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň saýlanan ýaş wagyzçylary hem-de meýletinçileri “Türkmenistanyň ulag strategiýasyny durmuşa geçirmegiň sebit we dünýä ykdysadyýetindäki ähmiýeti” atly onlaýn seminara gatnaşdylar.