Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymynyň “Bharat Ko Janiye” bäsleşigindäki üstünligi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Hindistan hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen “Bharat Ko Janiye” bäsleşiginde Türkmenistandan gatnaşan iň ýokary netije görkezen ilkinji 50-ligiň hataryna girdi. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 11-nji noýabry 10-njy dekabry aralygynda geçip, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we Hindistanyň taryhyna we däp-dessurlaryna gyzyklanmany berkitmäge gönükdirilendir.