“Lomonosow-2025” ady bilen geçirilen talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty

2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Lomonosow” atly 32-nji Ýaşlaryň halkara ylmy forumynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň meýdançasynda “Lomonosow-2025” ady bilen geçirilen talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahatynyň “Pedagogika bilimi we döwrebap bilim tehnologiýalary” atly bölüminde uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Emir Sopyýew “Daşary ýurt dillerini öwretmekde dilleriň modelirlenmesiniň we ýalňyşlaryň seljermesiniň ulanylmasy” temasyndan eden çykyşy üçin II orna mynasyp boldy, Pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Selbi Ýakşiýewa bolsa şol bölümde “Pedagogiki bilim we döwrebap bilim tehnologiýalary” atly çykyşy üçin ýörite Sertifikat bilen sylaglandy.