Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn maslahata (seminara) gatnaşdylar

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 21-ne Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen, sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gurnamagynda geçirilen “Emeli aňyň programmirlemede ulanylyşy” atly onlaýn maslahatyna (seminara) gatnaşdylar.