Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn webinara gatnaşdylar

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Halkara pahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň hem-de ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda, Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: taryhy we häzirki wagtda tutýan orny” atly onlaýn webinara gatnaşdylar.