Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy CADAP tehniki komitetiniň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni alyş maksatnamasynyň (CADAP) Tehniki komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu halkara forumda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy hem gatnaşyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak meseleleri boýunça pikir alyşdy. Mejlise gatnaşyjylar CADAP maksatnamasynyň amala aşyrylyşy barada maglumat alyşdylar we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.