“Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde “emeli aňyň” mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty

2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalar boýunça instituty bilen bilelikde “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde “emeli aňyň” mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşindäki halkara ylmy-amaly maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.