​Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça ýokary derejeli dialog geçirildi

2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen bilelikde guralan «Ählumumy Saglygy Goraýyş Diplomatiýasy boýunça Ýokary Derejeli Dialog» atly halkara seminary geçirildi we bu çärä Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «YOUTH4HEALTH» hereketiniň işjeň agza talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.
Çäre hökümetleriň, halkara guramalarynyň wekillerini we GDA-dan we beýleki sebitlerden bilermenleri köpçülikleýin howpsuzlyk, saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we hünär tejribesiniň alyş-çalşygy barada pikir alyşmak üçin bir ýere jemledi. Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge, lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamaga we global kynçylyklara bilelikdäki çözgütleri tapmaga aýratyn üns berildi. Bu gepleşik BSGG-nyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek we ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkitmek boýunça başlangyçlarynyň bir bölegi boldy. Gatnaşyjylar Aşgabadyň global saglygy goraýyş meselelerini we halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma öwrülýändigini bellediler.