
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiň Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Satdarow Myrat, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň stol tennisi Federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň geçiren sportuň stol tennisi görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly 2-nji orna mynasyp bolup, ýörite Diplom bilen sylaglandy. Guwandyryjy wakalaryň biri hem, talyp-türgenimiziň 2025-nji ýylyň 10-12-nji marty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçiriljek “WTT Youth Contender Berlin” atly Halkara ýaryşyna gatnaşmaklyk üçin Türkmenistanyň ýygyndy toparyna saýlanmagydyr.