
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 21-ne “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda Mähriban Arkadagymyzyň başlan we peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan häzirki döwürde ýurduň zenanlaryna mynasyp durmuşda ýaşamak we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini, gender deňligini kanun arkaly üpjün edilýändigini, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda döwletimizde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz, maşgala mukaddesligini gorap saklamakda, türkmen zenanlaryň maşgalada we jemgyýetde tutýan wajyp ornuny wagyz etmek maksady bilen, “Bitarap diýarda – zenan bagtyýar” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.