Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary Merkezi Aziýa lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen halkara çärelere gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 17-26-njy noýabry aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlardan ybarat wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäherindäki “Central Asian Medical University” Halkara lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen «Lukmançylyk ulgamyndaky özgertmeler – adam mertebesiniň hatyrasyna» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna hem-de «Ibn Sinanyň yzyna eýerijiler» atly X Halkara kongresine işjeň gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň we Kongresiň maksady lukmançylyk ulgamyndaky özgertmeler bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda ýetilen sepgitler bilen tanyşmak we tejribe alyşmak bolup durýar.