“Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly geçirilen iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly geçirilen iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşiginde uniwersitetimiziň Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Aýlara Babajanowa II orna we Selbi Muhammedowa III orna mynasyp boldular.