“Bilimiňi syna” atly geçirilen iňlis dili ders bäsleşigi

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 28-ine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Bilimiňi syna” atly geçirilen iňlis dili ders bäsleşiginde uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň III ýyl talyplary Mаlika Rozmetowa we Samir Babajanow I orna, Pediatriýa fakultetiniň I ýyl talyby Aýlara Babajanowa II orna mynasyp boldular.