“Suhangöýlük” döredijilik bäsleşigi

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 29-yna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen “Suhangöýlük” döredijilik bäsleşiginde uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Samir Babajanow II orna mynasyp boldy.