“Türkmen topragy – saglygyň tebigy çeşmesi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň biri bolan  “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomdan ybarat ylmy-ensiklopediki kitaplarynyň ylmy we amaly ähmiýetini beýan etmek maksady bilen “Türkmen topragy – saglygyň tebigy çeşmesi” atly professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy maslahaty geçirildi.