“Türkmeniň Milli saçagy – sagdynlygyň açary” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, ýurdumyzy ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ösdürmekde alyp barýan beýik işlerini giňden düşündirmek, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda we halkara derejede gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent derejeleri dabaralandyrmak maksady bilen “Bitaraplyk – Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanan iň uly üstünligi!” atly professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.