Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň işjeň ýaşlaryna Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýeňijilere Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly” kitaby, şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar we gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýraga Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy Durdyýew Täçmyrat, Kesel bejeriş fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Söýegow Gadam hem-de Kesel bejeriş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şyhyýewa Mylaýym hem mynasyp boldular.