
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde dabaraly çäre geçirildi.
Bu dabaraly çäre uniwersitetiň bosagasyndan ilkinji gezek geçen birinji ýyl talyplary üçin aýratyn tolgundyryjy pursat boldy. Olar halypa mugallymlaryň we talyp gatnaşçylaryň lukmançylyk hünäriniň ähmiýeti, ylyma we bilim almaga yzygiderli ymtylmagyň zerurlygy baradaky nesihatlaryny diňlediler.
Baýramçylyk ruhuny talyp döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dowam etdirdi. Onda ýerine ýetirilen aýdym-saz we şygyr çykyşlary Watana, ýaşlara hem-de lukmançylyk hünärine bagyşlandy.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine ýaşlaryň bilim almagy we ösüşi üçin döredilýän döwrebap şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.