2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy esasynda dünýä döwletlerinde giňden we dabaraly bellenilýän “Halkara Bitaraplyk güni” mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gurnamagynda üç gün dowam etjek biologiýa dersinden IV Halkara internet olimpiadasy öz işine başlady.
IV Halkara internet olimpiadasyna türkmen talyplary bilen birlikde dünýäniň 19 sany döwletinden 620-den gowrak talyplar gatnaşdylar.
Lukmançylyk uniwersitetinde geçirilýän IV Halkara internet olimpiadasyna dünýä standartlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, Lukmançylyk uniwersiteti bilen özara Ylalaşyk esasynda iş alyp barýan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça tejribeli professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.
Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlener we üstünlikli çykyş edip, ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar bilen sylaglanar.
Lukmançylyk uniwersitetinde öz işine başlan ders bäsleşigi diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem oňa gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny hem ýola goýmaga ýardam berer.







