Talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça köp sanly çekeleşikli bäsleşikler geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini talyp ýaşlarynyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak, olary berk bedenli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, kämil şahsyýet edip kemala getirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça köp sanly çekeleşikli bäsleşikler, gyzykly ýaryşlar we ýokary derejede sport çäreleri geçirildi.