«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde, «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we olara gymmat bahaly sowgatlary hem-de diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri hem baýrakly orunlara eýe boldular:

Gurbanow Gojuk, hirurgiýa boýunça Diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň kliniki ordinatory, 2-nji orun;

Taganowa Şähribossan, Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, 2-nji orun;

Maşadow Gurbangeldi, Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory, 3-nji orun;

Annageldiýew Saparmuhammet, Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasynyň kliniki ordinatory, 3-nji orun.