Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyna giňden taýýarlyk görülýär

Dünýä kartasynda häzirki wagtda 32 döwlet deňze göni çykalgasy bolmazdan ýaşaýar. Bu ýagdaý bolsa şol ýurtlaryň halkara söwda, ulag-logistika mümkinçilikleri, ykdysady ösüş we bazarlara elýeterlilik ýaly möhüm ugurlarda dürli kynçylyklara sezewar bolmagyna getirýär. Bu möhüm meseleleri çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji global maslahaty geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Bu halkara forumyň 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Maslahatyň esasy maksady – deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň halkara ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmekden, olaryň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden, ulag we logistika mümkinçiliklerini giňeltmekden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna elýeterliligini ýokarlandyrmakdan hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, onuň orunbasarlarynyň, degişli düzüm birlikleriniň, şeýle hem 32 döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, sebit we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, maliýe we ösüş institutlarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu bolsa halkara derejesindäki çäräniň giň göwrümli we ähmiýetli forum hökmünde geçiriljekdigini görkezýär. Maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik gepleşikleriň, hyzmatdaşlyk resminamalarynyň gol çekişikleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda «tegelek stol» maslahatlarynyň, ykdysady we medeni çäreleriň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

#LLDCYouth2025                    #AvazaVoices                        #SustainableYouth 

#FromArkadagToNairobi