“Spelling Bee 2022” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin bäsleşiginiň milli tapgyry

2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Spelling Bee 2022” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi. Bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Samir Babajanow 2-nji orna mynasyp boldy.