Ders bäsleşiginiň netijeleri:

26-njy aprelda uniwersitetimiziň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Türkmenistanda tebigy  we takyk ylmy ugurlara degişli   dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň  Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Fakultet terapiýa dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigi  geçirildi. Bäsleşige kesel bejeriş, pediatriýa, harby lukmançylyk fakultetlerinden 4-nji ýyl talyplaryndan 9  talyp gatnaşdy. Olardan  Şukurowa Merjen I orna, Jumanazarowa Aýgözel  II orna, Arnepesowa Ogulbagt III orna mynasyp boldular.