Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Boş iş orunlaryna bäsleşik 2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 15-njy ýanwaryna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly.

Tabşyrylmaly resminamalar:

1. Arzasy.

2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça).

3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary.

4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.


Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy

T/b

Hünäriň, wezipäniň ady

IHGWDK boýunça
kod

Iş: hemişelik -1

Aýlyk zähmet haky

Talaplar

Bilim derejesi

Iş döwri

1

Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti

240390

1

3386

ýokary

3 ýyl

2

Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti

240390

1

3386

ýokary

3 ýyl

3

Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy

240390

1

3386

ýokary

3 ýyl

4

Ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň assistenti

240390

1

3386

ýokary

3 ýyl

5

Adam anatom.top.anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy

240390

2

3386

ýokary

3 ýyl

Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18

Tel.: 48-99-57

Işgärler bölümi