Kliniki merkezler
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bu ilata, şol sanda aýratyn sosial goraga mätäç çagalara we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlaryna, şeýle-de 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we tylda bolanlara, olaryň yzynda galanlara hem-de Owganystanda gulluk edenlere göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň dürli usullaryny amala aşyrýan täze nesliň klinikasydyr.


Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi 6 bölümden: çagalaryň göz kesellerini bejeriş (25 orun), gözüň umumy kesellerini bejeriş (20 orun), gaýragoýulmasyz kömek, lazer, kabul ediş we barlamhana bölümlerinden ybarat.


Kabul ediş bölüminiň düzüminde döwrebap enjamlar: foropter, awtorefraktometr, pnewmotonometr, yş çyrasy, sinoptofor, ambliokor, akkomodotrener bilen enjamlaşdyrylan çagalaryň görüşini saklaýan 2 otag işleýär. Türkmenistanda ilkinji gezek täze doglan bäbekleriň agyr patologiýalaryny, köplenç ýetik däl çagalaryň görüşiniň ýitmegine – retinopatiýa getirýän agyr patologiýalary irki döwürlerde anyklamaga, gündelik gözegçilik etmäge we bejergä baha bermäge niýetlenen iň täze retinal pediatrik ulgam “RetCam” enjamy goýlan. Şeýle-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde täze ultrases apparaty “AVISO” (Fransiýa), “HRT-3” (Germaniýa); “Spectralis OCT HRA” (Germaniýa) bilen enjamlaşdyrylan anyklaýyş otagy hem hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde döwrebap enjamlaşdyrylan fiziobejeriş otagy hem bar. Umumy agyrysyzlandyrma bilen çagalarda operasiýalaryň ähli görnüşleriniň şowly geçmegi “DRAGGER” (Germaniýa) enjamynyň kömegi bilen üpjün edilýär. Bu täze enjamlaryň ählisi göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işlemäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.


Merkeziň işinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda oftalmologlar we Göz keselleri kafedrasynyň işgärleri bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumyny geçirmek bilen, çagalaryň görüşini goramagyň üstünlige eýe bolýan meselelerine uly üns berilýär. Bu öz gezeginde Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli edaralarynda we orta mekdeplerinde işlenip düzülen öňüni alyş hem-de usuly maksatnamalary ornaşdyrmak maksady bilen, çagalar baglarynyň taýýarlyk toparlarynyň terbiýeçileri we mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary bilen wagtly-wagtynda maslahatlary geçirip durmaga, şeýle-de okuw hem-de terbiýeçilik wagtyndan aýrylmasyz göz keselleriniň skriningini hem-de monitoringini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň işgärleriniň maksada okgunly işlemekleri refraksiýanyň anomaliýalarynyň we beýleki göz keselleriniň döremegine ýykgyn çagalaryň howp toparyny ir ýüze çykarmaklygyny, şeýle-de olary öz wagtynda bejermegi hem-de gaýra üzülmeleriniň öňüni almagyny üpjün edýär.























Ylmy-barlag işlerde lukmançylygyň ylmy taýdan esaslandyrylan täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen ýokary derejeli şowakörlügiň, çaşylygyň, dogabitdi kataraktanyň we glaukomanyň, täze döremeleriň, alawlama we distrofik keselleriň hem-de çagalaryň görüş agzasynyň beýleki patologiýalarynyň öňüni almaklyga, anyklamaklyga we bejergisine aýratyn üns berilýär. Dogabitdi glaukomanyň we çaşylygyň hirurgik bejergisinde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Russiýaly oftalmologlar bilen bilelikde ysmaz we burun tarapa gidýän çaşylygyň hirurgik bejergisiniň täze usullary işlenip düzüldi (Oýlap tapyşyň patentleri №2483699; №2584077).


Merkeziň ýokary derejeli hünärmenleri Göz keselleri kafedrasynyň mugallymlary bilen bilelikde daşary ýurtly kärdeşlerimiziň tejribelerini giňden ulanmak bilen, bejeriş-maslahat beriş, usuly we ylmy-barlag işlerini anyp barýarlar. Oftalmologiýa ylmyny we ýaşlaryň hünär tejribelerini ösdürmek maksady bilen halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýar. 2019-njy ýylyň martynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasy bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň arasyndaky gol çekilen ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde ýaş türkmen oftalmologlarynyň diplomdan soňky hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça meýilnama we olaryň halkara ylmy-amaly maslahatlara hem-de forumlara gatnaşmaklygy üstünlikli amala aşyrylýar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde iň ýokary tehniki we hünär derejesinde ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.

Bu ýerde stomatologiýa fakultetiniň talyplary üçin ýörite interaktiw multimediýa tagtalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany beýan zallary, Ortopediýa we hirurgiýa stomatologiýasy kafedrasynyň, Terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň, Çaga stomatologiýasy we Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedralarynyň okuw we bejeriş otaglary, innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany fantom otaglary göz öňünde tutulan.



Merkeziň düzümine bäş bölüm, ýagny çagalar, terapewtik, hirurgik, ortopedik stomatologiýa we funksional anyklaýyş bölümleri girýär. Merkeze näsaglaryň ilkinji ýüz tutmagy gigiýeniki otagdan başlanýar. Bu ýerde çagalara agyz boşlugynyň gigiýenasy üçin serişdeleri saýlap almagy we olardan dogry peýdalanmagy öwredilýar. 


Merkezde fitobejergi otagy bolup, bu ýerde dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen “Irrigator” enjamyndan giňden peýdalanylýar. Rentgenologik otagda ýokary hilli rentgen suratlary almak üçin äň-ýüz töwereginiň üç ölçegli rentgen suratyny alýan enjamlaryň birnäçe görnüşleri bolup, olar ýokarky we aşaky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýärler.


Ortopedik stomatologiýa bölüminde CAD/CAM otagy ýerleşdirilen. CAD/CAM enjamynyň kömegi bilen keramiki, plastmas, metaldan aýrylmaýan gurnamalary taýýarlap bolýar. Bular koronkalar, dolduryjylar, winirler, hususy abatmentler, köpri görnüşli protezlerdir. Bu tehnologiýanyň ulanylyşynyň gerimi hemişe giňelýär. Operasion blokdan we hirurgik otagdan ybarat hirurgik stomatologiýa bölümi Germaniýanyň meşhur «SIRONA» kompaniýasynyň “Intego” stomatologik enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi çaga, terapewtik, ortopedik we hirurgik stomatologiýa ugurlarynda stomatolog lukmanlary diplomdan öňki we diplomdan soňky taýýarlygy üçin okuw-bejeriş we ylmy işleri geçirmek boýunça binýat bolup hyzmat edýär. Merkeziň lukmanlary kafedranyň mugallymlary bilen birlikde mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň öňüni alyş barlaglaryny geçirmekde uly işler geçirýärler. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümlikleri ulanmak bilen dişleriň kariýesini anyklamak, onuň öňüni almak, parodont kesellerini bejermek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Merkezde şu günki gün lukmanlar öz näsaglaryna iň ýokary hünär we tehniki derejede ýöriteleşdirilen stomatologik hyzmatlaryň giň gerimini hödürläp bilýärler. Merkeziň işgärleri halkymyzyň saglygyny berkitmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. 



Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky №14334 belgili “Lukmançylyk edaralaryny döretmek baradaky” Karary bilen 2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.


Bu merkezde işler üç ugur: pediatriýa, perinatologiýa we hirurgiýa ugurlary boýunça alnyp barylýar. Merkez 275 orunlyk bolup, onda 15 sany bölüm hereket edýär. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen enelere we çagalara ýokary derejeli kömek berilýär.


Ýurdumyzda perinatal kömegi sebitleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda, bu merkez IIIA derejeli diýlip bellenildi. Merkezde pes agramly doglan we dürli agyr ýagdaýlary bolan bäbeklere kömek berilýär. Bejeriş işleri merkezde alnyp barylýan ylmy işlere laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa näsag çagalara ýokary derejeli kömek bermekde, şeýle-de çaga keselçiligini hem-de ölümçiligini peseltmekde giňden ýardam berýär.


Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň esasy ylmy ugry “Pes agramda doglan bäbekleri alyp barmagyň we uýgunlaşma mehanizminiň hilini gowulandyrmak”.


Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu merkez ylmy we amaly taýdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işleri alyp barýar.


Merkeziň çäginde ýerleşen kafedralarda uniwersitetiň we lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary, intern lukmanlar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar we dürli ugurly hünärmenler üçin nazary we amaly sapaklar geçirilýär.


Göwreli aýallara we täze doglan bäbeklere berilýän kömegi kämilleşdirmek üçin talyplar, intern lukmanlar we ýaş hünärmenler ýörite döwrebap simulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan otagda (fantom otagy) amaly endikleri özleşdirilýär.


Işler merkezde Türkmenistanda kabul edilen, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen “Howpsuz enelik”, “Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy”, “Ene süýdi bilen emdirmekligi goramak we ony goldamak”, “Çagalaryň kesellerini bütewi usulda alyp barmak”, “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak” Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” usulyýet otagynda pes agramly doglan bäbekleriň ene-atalary bilen maslahat işleri we pes agramly çagalar bilen dikeldiş çäreleri geçirilýär.


Ýaş lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda telemedisinanyň mümkinçilikle­rinden peýdalanyp, kafedralaryň professor-mugallymlar düzümi we merkeziň alyp ba­ryjy hünärmenleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden agyr we çylşyrymly lukmançylyk ýagdaýlary boýunça näsaglara maslahat berýärler.

 




Habarlar
“Esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir”

2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
 

“Miopiýanyň bejergisine döwrebap çemeleşme”

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keseller ylmy-kliniki merkezinde 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 23-24-ne “Saglyk – abadançylygyň we gülläp ösüşiň altyn açarydyr” atly oftalmologlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty we ýaş oftalmologlar üçin “Miopiýanyň bejergisine döwrebap çemeleşme” atly okuw seminary geçirildi. Ylmy maslahatlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň Oftalmologiýa komiteti, Myrat Garrýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keseller ylmy-kliniki merkezi tarapyndan gurnaldy. Ähli welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden oftalmologlar, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan ýörite çagyrylan hünärmenleriň topary gatnaşdy:


  • Tahçidi Hristo Periklowiç - N.I.Pirogow adyndaky Russiýanyň milli barlag lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş işleri boýunça prorektory, Göz keselleri kafedrasynyň professory, N.I.Pirogow adyndaky Russiýanyň milli barlag lukmançylyk uniwersitetiniň Yokary bilimiň Federal döwlet awtonom bilim edarasynyň Oftalmologiýa milli lukmançylyk barlag merkeziniň direktory, Federal lukmançylyk-biologiki agentligiň Milli lukmançylyk barlag merkeziniň Oftalmologiýa bölüminiň ýolbaşçysy, Federal lukmançylyk-biologiki agentligiň baş oftalmology, l.y.d., RYA-nyň akademigi, RF-nyň at gazanan lukmany;
  • Mýagkow Aleksandr Wladimirowiç - Miopiýanyň milli institutynyň direktory, l.y.d., professor;
  • Zenkowa Ýelena Sergeýewna - Miopiýanyň milli institutynyň Refraksiýa bozulmalarynyň korreksiýasy bölüminiň ylmy işgäri;
  • Mýagkowa Olga Alekseýewna - Miopiýanyň milli institutynyň Kliniki oftalmologiýa bölüminiň ylmy işgäri.


Oftalmologiýanyň iň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy: witreoretinal patologiýa we makulanyň ýyrtygynda autoplazmanyň ulanylmagy bilen innowasion operasiýalar; refraksion bozulmalaryň korreksiýasyna döwrebap çemeleşmeler; miopiýanyň häzirki zaman düzediş we gözegçilik usullary; onuň ösýän görnüşlerinde näsaglaryň alnyp barylyşynyň tertibi; diabetiki retinopatiýada lazer bejeriş meseleleri; gözüň yzky bölümleriniň işemiki ýagdaýlarynyň anyklanylyşy we bejergisi; astigmatizmde refraksion hirurgiýasy; çagalarda oftalmoonkopatologiýasy. Gözüň yzky bölüminiň dürli çylşyrymly patologiýalarynda witreoretinal hirurgiýanyň häzirki zaman usullary görkezilen wideoşekiller örän göreldeli boldy. Daşary ýurtly kärdeşlerimiz görüş agzasynyň dürli patologiýaly näsaglary barlagdan geçirdiler we degişli maslahatlary berdiler; ýaş oftalmologlaryň gatnaşmagynda refraksion bozulmalarynda geçirilýän korreksiýanyň döwrebap usullary we optiki kogerent tomografiýanyň netijeleri boýunça düşündiriş sapaklary geçirdiler.

 

“Behişdi bedewler – milli guwanjymyz”

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde türkmen bedewiniň milli baýramçylygy mynasybetli “Behişdi bedewler – milli guwanjymyz” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda asyrlaryň dowamynda kemala gelen türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi, olaryň eýesine wepalylygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy barada aýratyn durlup geçildi. 


Bildirişler
“Açyk gapylar” güni

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025 – nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” gününiň geçiriljekdigini habar berýär. “Açyk gapylar” güni 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda uniwersitetimiziň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda sagat 15.00-da başlanýar. Gelen myhmanlar ýokary lukmançylyk bilim ulgamynda gazanylan üstünliklerine laýyk gelýän uniwersitetiň synp we lingafon otaglaryny görüp bilerler hem-de okuw mekdebimizde taýýarlanýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş we medeni-köpçülik işleri bilen tanyşdyrylar. Uniwersitete girmek üçin gerekli resminamalar barada giňişleýin maglumat berler.  


Uniwersitetimiziň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 48-98-51, 48-98-52

“ Magtymguly – şygryýetiň zergäri”

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde, “ Magtymguly – şygryýetiň zergäri”  atly zehinleriň bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary S. Babajanow I orna, M. Rozmetowa III baýrakly orna mynasyp boldular. 



Halkara internet olimpiada

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 11-ne Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda iňlis dilinden  geçirilen III Halkara internet olimpiadasynda, uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary S. Orazowa, S. Babajanow we A. Pendiýew III baýrakly orunlary eýelediler.

Esasy görkezijiler
5111
Talyplar
57
Ugurlar
449
Mugallymlar