Bildirişler

Soňky bildirişler

📅 01.07.2025

Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy

BILDIRIŞ Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Boş iş orunlaryna bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 15-nji iýyluna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly. Tabşyrylmaly resminamalar: 1. Arzasy. 2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça). 3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary. 4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.   Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18 Tel.: 48-99-57                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                     Işgärler bölümi

Doly gör ›
📅 05.06.2025

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2025-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde gibrid görnüşinde geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary: 1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; 2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; 3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; 4. Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; 5. Innowasion ykdysadyýet; 6. Ynsanperwer ylymlar. Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin maslahata gatnaşmagyň şertlerini we nutuklaryň gyçgaça beýanlarynyň we annotasiýalaryň taýýarlanylyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmelidirler. Ylmy maslahatyň HABARNAMASY https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/HABARNAMA_TM.pdf Maslahata gatnaşmak üçin bildirilýän ŞERTLER https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/2%20SHERTLERI_TM.pdf Ylmy makala we annotasiýa degişli TALAPLAR https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/3%20TALAPLAR_TM.pdf   Gysgaça beýan we annotasiýanyň MYSALY https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/tmdanatarow-b-tez-1.pdf Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär. Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar we olar çap edilmeýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 94-13-37. Halkara ylmy maslahatyň Guramaçylyk topary

Doly gör ›
📅 10.03.2025

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti “Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2025-nji ýylyň 16-17-nji aprelinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar   Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.  Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary: I bölüm. Ýokanç däl keselleri anyklamakda we bejermekde täze tehnologiýalar. II bölüm. Innowasion tehnologiýalar – lukmançylyk ylmynyň ösüşiniň kepilidir.  III bölüm. Täze derman we tebigy serişdeleri öndürmegiň ylmy esaslary.  IV bölüm. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze tehnologiýalaryň orny. Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler.  Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2025-nji ýylyň 1-nji apreline çenli kabul edilýär.  Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar.  Halkara ylmy maslahatyň Guramaçylyk topary   “Lukmançylyk ylymynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagyň şertleri Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň  maslahata tabşyrylan tezisleriň awtorlar üçden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt).  Türkmenistanly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary hasaba alnyş görnüşi Familiýasy   Ady   Atasynyň ady   Wezipesi   Alymlyk derejesi, ady   Bilimi (ýokary okuw mekdebini görkezmek bilen, gutaran ýyly)   Işleýän ýeriniň doly ady   Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)   Öý salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)   Iş telefony   Telefony    Faks    Elektron salgysy   Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl)   Nutuk haýsy dilde taýýarlandy   Nutugyň tematiki ugry   Tehniki serişdeleriň zerurlygy (haýsy)   Halkara ylmy Maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýany (tezis) we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly. Halkara ylmy maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän kafedrasynda seredilmeli we kafedranyň müdiri tarapyndan gol çekilen habarnama üsti bilen iberilmeli. Habarnama nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.  Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamakdan edilýän talaplar:   Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlaryny we annotasiýalary guramaçylyk komitetine ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 formatda 1-1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly).  Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – "kitap" görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Gysgaça beýanlarda we annotasiýalarda formulalaryň we tablisalar görnüşinde beýan etmelere ýol berilmeýär. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmsi bilen). Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly: gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli; eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Gysgaça beýanda: Wajyplyk. Işiň maksady. Materiallar we usullar. Barlagyň netijeleri. Netije bolmaly. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg». Faýllary arhiwirlemeli däl! Habarlaşmak üçin: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti telefon: (+99312) 48-83-31; 48-83-41, faks: 48-99-64 elektron poçta: ylym.tdlu@sanly.tm Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2025-nji ýylyň 1-nji apreline çenli ibermegiňizi haýyş edýäris. Maslahat baradaky ähli maglumatlar https://www.tdlu.edu.tm/ saýtynda ýerleşdirlen.   ULGAMLAÝYN SKLERODERMIÝALY NÄSAGLARDA OSTEOPOROZYŇ HOWP FAKTORLARYNY ÖWRENMEK                                     S.Ö. Öwezowa, N.A.Seýitgulyýew                                                          (Türkmenistan) Wajyplygy. Tekst, tekst, tekst. Işiň maksady. Tekst, tekst, tekst. Materiallar we usullar. Tekst, tekst, tekst, tekst. Barlagyň netijeleri. Tekst, tekst, tekst. Netije. Tekst, tekst, tekst.

Doly gör ›
📅 05.01.2025

Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Boş iş orunlaryna bäsleşik 2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 15-njy ýanwaryna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly. Tabşyrylmaly resminamalar: 1. Arzasy. 2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça). 3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary. 4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.   Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy T/b Hünäriň, wezipäniň ady IHGWDK boýunça kod Iş: hemişelik -1 Aýlyk zähmet haky Talaplar Bilim derejesi Iş döwri 1 Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 2 Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 3 Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 4 Ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 5 Adam anatom.top.anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy 240390 2 3386 ýokary 3 ýyl Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18 Tel.: 48-99-57 Işgärler bölümi

Doly gör ›
📅 20.09.2024

Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Boş iş orunlaryna bäsleşik 2024-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabryna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly. Tabşyrylmaly resminamalar: 1. Arzasy. 2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça). 3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary. 4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.   Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy   T/b Hünäriň, wezipäniň ady IHGWDK boýunça kod Iş hemişelik Aýlyk zähmet haky Talaplar Bilim derejesi Iş döwri 1 Inçekesel kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 2 Bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 3 Göz keselleri kafedrasy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 4 Medisina biologiýasy we genetika kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 5 Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 6 Umumy hirurgiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 7 Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 8 Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 9 Urologiýa we andrologiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 10 Medisina ekologiýasy we  gigiýena kafedrasynyň mugallymy   240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   11 Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl   Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18 Tel.: 48-99-57 Işgärler bölümi

Doly gör ›
📅 15.08.2024

Mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirilýär

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirýär.    Bäsleşikde hödürlenjek ýumuşlar synplar boýunça tapawutlandyrylmaz, ýagny 11-nji we 12-nji synplar bilelikde bäsleşerler. Test ýumuşlary türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürlener. Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlawjy we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlawjy tapgyryny welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty öz jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar. Saýlawjy tapgyra her mekdepden okuwçylaryň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli. Welaýat (şäher) tapgyry 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriler  hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden saýlawjy tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 18-nji sentýabrda 10:00-da saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler. Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar. Habarlaşmak üçin telefon: +993-12-48-99-32; +993 64 00 04 70 E-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm

Doly gör ›
📅 10.08.2024

BILDIRIŞ

Biologiýa boýunça 3-nji Halkara internet olimpiadasyna HOŞ GELDIŇIZ!   Olimpiadanyň maksady: a)  Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli           ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek; b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak; ç)  häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek. Olimpiadanyň wezipesi: a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek; b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek; ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.   Olimpiadasynyň geçirilişi barada GÖZÜKDIRIJI Internet - Olimpiada gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň 20-nji sentbaryndan 10-nji noýabryna çenli https://olimp.tdlu.edu.tm salgyda registrasiýa etmeli. Internet - Olimpiada gatnaşyjylaryň login we paroly onuň elektron poçtasyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden bir gün öň ugradylar. Olimpiadanyň test soraglary we ýumuşlary 2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda ýerli wagt boýunça 12:00-da (GMT+5) https://olimp.tdlu.edu.tm  salgy boýunça açylar.  Olimpiadanyň dowamlylygy 150 minut. Bellenilen wagt tamamlanandan soňra jogaplar kabul edilmeýär we Оlimpiada degişli programma üpjünçiligi awtomatiki ýagdaýda ýapylar. Kompýuterler we web-kameralar Internet toruna birikdirilen bolmaly. Olimpiada wagtynda wideoaragatnaşyk Zoom programma üpjünçiliginiň arkaly amala aşyrylar.  Wideoaragatnaşyga birikmek üçin salgylanma (ссылка) ulanyja login we parol bilen bilelikde ugradylar. Olimpiada gatnaşyjylar oz adyny we familiýasyny Zoom-da girizmeli we hökman ekranyň demonstrasiýasy funksiýasyny açmaly. Olimpiada gatnaşyjylar ýany bilen diňe ýazuw esbaplaryny, ýagny ruçka we galam alyp bilerler. Olimpiada gatnaşyjylar kalkulýatordan peýdalanyp bilerler. Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli. Olimpiada geçirilýän döwri talyplara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär; Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup biler; Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde beriler. Ýokarda görkezilen düzgünler bozan gatnaşyjynyň internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.   Habarlaşmak üçin:         Telefon: +993-12-48-99-32; +993-63-58-51-11. Elektron poçta: tdlu.iolimp@gmail.com Guramaçylyk topary

Doly gör ›
style="bottom: 97px; position: absolute; left: 0; right: 0; z-index: 1000; background: rgba(255, 255, 255, .97); backdrop-filter: blur(24px); border-bottom: 1px solid rgba(13, 124, 124, .08); transition: box-shadow .4s;">