ÝUNESKO KLUBY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli döwlet syýasatynyň esasynda halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny giňden öwrenmek, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda döredilen “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasy boldy.
Klubuň açylyş dabarasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (YUNESСO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, köpsanly myhmanlar we Lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
“Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň baý dermanlyk ösümlikleriniň we halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Hem-de talyp ýaşlaryndan düzülen “Melhem” aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna, sahna oýunlaryna tomaşa edildi. Soňra ÝUNESKO Klubynyň açylyşy dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatda çykyş edenler täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli medeni mirasymyzy, ýurdumyzyň ynsan saglygyna şypa berýän baý dermanlyk ösümliklerini öwrenmeklige döredilýän mümkinçilikler, şertler, bu ugurda sagdyn, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmegiň orny, uniwersitetde açylan “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” geljege ÝUNESKO klubunyň taryhy ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda uniwersitetdäki ÝUNESKO kluby Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleriniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde mynasyp orna eýe boljakdygyny aýtdylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, döredilen Klubuň düzüm birlikleriniň we ýerine ýetirmeli işleriniň anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini bellemek bilen, Klubuň meýilnamasynyň çäklerinde daşary ýurtlara iş saparlaryny guramak, daşary ýurtlaryň abraýly ylmy neşirlerinde makalalary çap etmek, okuw-usuly gollanmalary we kitaplary, monografiýalary neşir etmek göz öňünde tutulýar.
“Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubunyň açylyş dabarasyna we maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň we tutuş adamzadyň maddy hem-de medeni mirasyny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri we ýokary okuw mekdebindäki “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Kluby üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” ÝUNESKO klubynyň, uniwersitetiň ilkinji zenanlar guramasynyň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygaryna bagyşlanan duşuşygy geçirildi.

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli Döwlet syýasatynyň esasynda iň mukaddes, hormatlanýan kärleriň biri bolan mugallymçylyk hünärini ösdürmek we talyp ýaşlaryň arasynda görelde mekdebini ýola goýmak üçin döredilýän giň mümkinçilikleri wagyz etmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň çäginde bellenilýän Halkara mugallymlar güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.

2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalar boýunça instituty bilen bilelikde “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde “emeli aňyň” mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşindäki halkara ylmy-amaly maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

2025-nji ýylyň 12-nji awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäginde geçirilen birnäçe forumlaryň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maskady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.

2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynda “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji Maslahatynyň” ugurlaryny, ähmiýetini ýaýbaňlandyrmak we wagyz-nesihat etmek maksady bilen brifing duşuşygy geçirildi.

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda BMG-nyň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça ýörite guramasy bolan ÝUNESKO-nyň ştab kwartirasy bolan Fransiýa Döwletiniň Pariž şäherinde “Gender deňligi – dünýä halklarynyň üns merkezinde” atly tema boýunça onlaýn görnüşinde halkara maslahatyny iş ýüzünde amal etmek maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalarynyň arasynda duşuşyk gurnaldy.

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan geçirlen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly onlaýn ylmy-amaly maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Alym, Lukman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerini wagyz-nesihat etmek we goldamak boýunça şeýle hem çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik gurnaldy.

2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde üstümizdäki ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň hem-de ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepleriň bilelikde gurnamagynda geçirilen “Tebigatymyzy bilelikde goralyň!” atly onlaýn maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen “Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň orny” atly halkara maslahatynynyň II bölümçesine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen “Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň orny” atly halkara onlaýn maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 8-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz - saglygymyz, mirasymyz” ÝUNESKO Kluby bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk Akademiýasynyň “Ahalteke bedewleri – parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO Klubynyň görnükli ussat halypalarynyň gatnaşmagynda “Türkmeniň ýürek buýsanjy ganatly bedewler” atly aýdym-sazly dabaraly duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünliginiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň gatnaşmagynda geçirlen “Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty” atly onlaýn webinara Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň bilelikde guramagynda geçirlen “Ekologiýa abadançylygy – parahatçylygyň, ösüşiň binýady” atly onlaýn ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar we çykyş etdiler.

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň 2 ýyllygy we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanan hem-de ylymda zenanlaryň we gyzlaryň halkara güni mynasybetli “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimini öwretmekde zenan alymlarynyň ylmy işleriniň dabaralandyrylyşy” atly onlaýn ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar.

2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda “Halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinde indeksirlenyän žurnallarynda makala çap etmegin esasy düzgünleri” atly tema boýunça onlaýn okuw-usuly maslahatyna gatnaşdylar.

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda “Türkmenistan – Sport” teleýaýlymynda yzigider ýaýlyma berilýän “Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar” telegepleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşyp çykyş etdiler.