4

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde dişleriň estetik dikeldilmeginiň döwrebap meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda “Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Dişleriň estetik dikeldilmeginiň häzirki zaman jähtleri” atly 2-nji bölümçäniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşan ýerli we daşary ýurtly hünärmenler estetik stomatologiýada täze materiallary we innowasion tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çykyşlarda kliniki tejribede ýokary hil standartlaryny ornaşdyrmagyň hem-de ýaş hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmegiň wajyplygy nygtaldy. Alymlar täze döredijilik gözlegleriniň bejeriş işiniň hilini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini belläp, özara tejribe alyşdylar.