Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde Parodontologiýada we implantologiýada täze tehnologiýalara garaldy
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde halkara ylmy-amaly maslahatyň “Parodontologiýada we implantologiýada täze tehnologiýalar” atly 3-nji bölümçesi geçirildi. Mejlisde Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Türkmenistanyň alymlary parodont kesellerini bejermegiň hem-de dental implantologiýanyň häzirki zaman usullary boýunça ylmy işlerini hödürlediler. Çykyşlarda sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy lukmançylyk enjamlarynyň stomatologik kömegiň hilini täze derejä çykarmakdaky orny giňişleýin seljerildi. Bölümçäniň işiniň netijeleri boýunça geljekde halkara ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy.