4

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde Daşary ýurtly alym lukmanlar tarapyndan ussatlyk sapaklary gurnaldy

Kardiologiya merkezi

“Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde daşary ýurtly belli alymlaryň gatnaşmagynda ýörite ussatlyk sapaklary (master-klasslar) geçirildi. Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Özbegistandan we Belarusdan gelen tejribeli hünärmenler uniwersitetiň professor-mugallymlary, kliniki ordinatorlary we talyplary üçin döwrebap bejeriş-anyklaýyş usullaryny iş ýüzünde görkezdiler. Ussatlyk sapaklarynyň dowamynda estetik dikeldiş, implantologiýa we hirurgik stomatologiýa ugrundan iň täze tehnologiýalary ulanmagyň inçe tilsimleri öwredildi. Bu amaly sapaklar halkara lukmançylyk tejribesini okuw we bejeriş işine ornaşdyrmakda hem-de hünärmenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.