4

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Bütinrussiýa olimpiadasyna hem-de Stomatologiýa kongresine gatnaşdylar

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 11-15-nji noýabry aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat bolan wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki «Prizmatika» stomatologiýany ösdürmek boýunça okuw merkezinde geçirilen «Stomatologiýanyň elitasy» atly stomatologiýa boýunça halkara gatnaşykly Bütinrussiýa olimpiadasyna hem-de Stomatologiýa kongresine gatnaşdylar. Olimpiadanyň dowamynda terapewtiki stomatologiýa, hirurgiki stomatologiýa we implantologiýa, ortopediki stomatologiýa hem-de ortodontiýa ugurlary boýunça bäsleşikler, ylmy çykyşlar we amaly synaglar geçirildi.

Çäräniň barşynda uniwersitetiň wekilleri özleriniň ýokary hünär taýýarlygy bilen tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular: terapewtiki stomatologiýa ugry boýunça 4-nji ýyl talyby Maral Taşliýewa I orny, ortodontiýa ugry boýunça 5-nji ýyl talyby Halima Rahmanowa II orny, ortopediki stomatologiýa ugry boýunça 5-nji ýyl talyby Gylyçmyrat Orazdurdyýew bolsa III orny eýeledi. Olimpiadanyň we kongresiň jeminde ýeňijilere hem-de gatnaşyjylara degişli diplomlar we güwänamalar gowşurylyp, bu sapar talyplaryň we ýaş hünärmenleriň halkara tejribesini baýlaşdyrmakda hem-de özara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.