290

Bilim edaralaryna halkara ölçeglere laýyk döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

Kardiologiya merkezi

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ähmiýetli çäre geçirildi. Onda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka milli bilim ulgamynda hili üpjün etmegiň halkara ölçeglere laýyk gelýän täze basgançaga çykandygynyň resmi beýanyna öwrüldi.

Dabarada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ýolbaşçylary çykyş edip, ýygnananlary milli ylym-bilim ulgamyndaky sepgit bilen gutlady hem-de bu çäräniň Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän guramaçylyk, hukuk we institusional özgertmeleriň bir bitewi ulgama birigen aýdyň netijesidigini aýratyn nygtadylar.

Milli akkreditasiýa ulgamynyň kemala gelmegi soňky ýyllarda durmuşa geçirilen yzygiderli özgertmeleriň logiki dowamydyr. 2020-nji ýylda kabul edilen döwlet bilim standartlary esasynda, 2021–2024-nji ýyllar aralygynda müňden gowrak hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, milli akkreditasiýa ulgamyny döretmek wezipesi döwlet strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilen «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama» bolsa bu ugurda bitewi hukuk esasyny goýdy. Şondan soňra degişli ölçegler we meýilnamalar doly tassyklanyp, 2026-njy ýylda ulgam doly iş ýagdaýyna getirildi.

Ilkinji ýyllyk meýilnama laýyklykda, bilimiň dürli basgançaklaryna wekilçilik edýän jemi 8 sany bilim edarasy akkreditasiýadan geçmek üçin ýüz tutdy. Bilermenler tarapyndan geçirilen giňişleýin, obýektiw we talapkär seljermeleriň netijesinde olaryň 6-sy şahadatnama almaga mynasyp boldy.

Şahadatnama alan edaralaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi, 29-njy orta mekdebi, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bar.

Akkreditasiýanyň diňe ýokary bilim däl, eýsem umumy we orta hünär bilim edaralaryny hem gurşap almagy ýurtda bitewi hil medeniýetiniň döredilýändigini subut edýär. Milli bilim standartlarynyň Ýewropa ýokary bilim giňişliginiň logikasyna, UNESCO-nyň klassifikasiýalaryna hem-de Lissabon konwensiýasynyň ýörelgelerine laýyk getirilmegi, türkmen biliminiň dünýä derejesindäki hil ölçegleriniň ýokarlanmagyna şert döretdi.

Milli bilimiň binýadynyň güýçlenmegi sanlarda hem aýdyň görünýär. 2020-nji ýylda halkara ylmy žurnallarda 963 makala çap edilen bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 13 müň 960-a ýetdi. Scopus we Web of Science bazalaryndaky makalalar 40 esse, ýokary okuw mekdepleriniň patentleri 21 esse artdy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň 14 ýokary okuw mekdebi Times Higher Education, 12-si bolsa UI GreenMetric halkara reýtinglerine girdi.

Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama 5 ýyl möhlet bilen berlip, ol ahyrky nokat däl-de, hili yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze borçnamasydyr.

Önde Türkmenistanda ýokary hünär bilimi edaralaryny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň giň gerimli wezipeleri durýar. Bu strategiýa bilimi, ylmy we önümçiligi bitewi ekoulgam hökmünde ösdürmegi maksat edinýär. Ilkinji akkreditasiýa bolsa şol sepgitlere ýetmek üçin berk binýat boldy.

Dabaranyň ahyrynda bilim ulgamynyň ösmegine we kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de täze üstünlikler arzuw edildi.