78

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasy

merkezi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndaky 1671 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

1. Umumy düzgünler

1.1. Şu Düzgünnama Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny (mundan beýläk - olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirmek, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

1.2. Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň binýadynda onlaýn görnüşde geçirilýär.

1.3. Olimpiada aşakdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrantlarynyň arasynda geçirilýär:

- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti;

- Hytaýyň nebit uniwersiteti (Pekin ş.);

- Sian nebit uniwersiteti;

- Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti.

1.4. Olimpiada 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilýär.

1.5. Her bir okuw mekdebinden Olimpiada gatnaşýanlaryň sany 30 adamdan köp bolmaly däldir.

1.6. Olimpiada talyplar we magistrantlar gatnaşyp bilerler.

1.7. Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde okuw mekdepleriniň arasynda toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri hem kesgitlenilýär.

1.8. Olimpiadanyň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir.

1.9. Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan döredilen we dolandyrylýan Moodle platformasynyň binýadynda işlenip taýýarlanylan sanly onlaýn platformanyň üsti bilen geçirilýär.

1.10. Olimpiadanyň geçirilmeginiň obýektiwligini üpjün etmek maksady bilen gatnaşyjylara wideo gözegçilik we wideomaslahatlaşma serişdeleri arkaly uzak aralykdan gözegçilik edilip bilner.

2. Olimpiadanyň maksatlary we wezipeleri

2.1. Olimpiadanyň maksatlary:

a) talyplaryň we magistrantlaryň sanly tehnologiýalara, informatika, programmirleme we emeli aň tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasyny ösdürmek;

b) sanly tehnologiýalar we emeli aň ugurlarynda ukyply we taýýarlyk derejesi ýokary bolan ýaşlary ýüze çykarmak;

ç) algoritmiki pikirlenmek, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmek we programmirlemek endiklerini ösdürmek;

d) programma üpjünçiligini taýýarlamakda häzirki zaman emeli aň tehnologiýalaryny netijeli ulanmak endigini kemala getirmek;

e) gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-bilim we hünär hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak;

ä) sanly bilim, programmirleme we emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak boýunça tejribe alyşmak.

2.2. Olimpiadanyň wezipeleri:

a) gatnaşyjylaryň informatika we sanly tehnologiýalar boýunça bilimlerini we amaly başarnyklaryny barlamak;

b) algoritmiki meseleleri özbaşdak seljermek we çözmek ukybyny bahalandyrmak;

ç) emeli aň serişdelerini ulanyp programma çözgütlerini taýýarlamak ukybyny bahalandyrmak;

d) programma çözgütleriniň dogrulygyny, ýerine ýetiriliş tizligini we kodyň göwrümini göz öňünde tutup, olary kämilleşdirmek endigini ösdürmek;

e) ylmy, bilim we halkara taslamalaryna gatnaşmaga ukyply talyplary we magistrantlary ýüze çykarmak;

ä) talyplaryň, mugallymlaryň we bilim edaralarynyň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürmek.

3. Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

3.1. Olimpiadany guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredilýär.

3.2. Guramaçylyk toparynyň düzümi we başlygy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

3.3. Guramaçylyk topary:

a) Olimpiadanyň taýýarlygyna we geçirilmegine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

b) Olimpiadanyň geçiriljek möhletlerini we guramaçylyk tertibini kesgitleýär;

ç) gatnaşýan bilim edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy üpjün edýär;

d) gatnaşyjylaryň hasaba alynmagyny guraýar;

e) Moodle onlaýn platformasynyň tehniki taýdan taýýarlanmagyny we işlemegini üpjün edýär;

ä) gatnaşyjylara Olimpiadanyň geçiriljek tertibi barada maglumat berýär;

f) usulyýet we gözükdiriji materiallary taýýarlaýar.

3.4. Olimpiadanyň ýumuşlaryny taýýarlamak üçin iş topary döredilýär.

3.5. Ýumuşlar talyplaryň we magistrantlaryň taýýarlyk derejesini göz öňünde tutup işlenip taýýarlanylýar we bellenilen tertipde tassyklanylýar.

3.6. Olimpiadanyň netijelerini bahalandyrmak üçin Eminler topary döredilýär.

3.7. Eminler toparynyň düzümi we başlygy uniwersitetiň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

3.8. Eminler topary:

a) bahalandyrmagyň bellenilen ölçegleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

b) ikinji tapgyryň netijelerini tassyklanan ölçeglere laýyklykda bahalandyrýar;

ç) jedelli ýagdaýlara seredýär;

d) şahsy we toparlaýyn netijeleri kesgitleýär;

e) Olimpiadanyň jemleýji teswirnamasyny taýýarlaýar.

4. Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi

4.1. Gatnaşyjylary hasaba almak

4.1.1. Her bir bilim edarasy Olimpiada gatnaşjaklaryň tassyklanan sanawyny taýýarlaýar we guramaçylara iberýär.

4.1.2. Her bir okuw mekdebinden 30 adama çenli talyp we magistrant gatnaşyp biler.

4.1.3. Olimpiada başlamazdan öň her bir gatnaşyja Moodle platformasyna girmek üçin şahsy hasap maglumatlary berilýär.

4.1.4. Her bir gatnaşyjy tehniki birikmäni barlamaly we Olimpiadanyň geçiriljek tertibi bilen tanyşmalydyr.

4.2. Olimpiada iki tapgyrdan ybaratdyr:

Birinji tapgyr – “Sanly tehnologiýalar we informatika”;

Ikinji tapgyr – “Emeli aň we programmirleme”.

4.3. Islendik gatnaşyjynyň arza-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arza-şikaýat bilen diňe topara ýolbaşçylyk edýän mugallym eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

4.4. Arza-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.

5. Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

5.1. Şahsy bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar.

5.2. Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50%-den geçmeli däldir. Diplomlar 1:2:3 gatnaşykda bolmaly.

5.3. Toparlaýyn bäsleşikde I, II we III orunlary eýelän toparlar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar.

5.4. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça goşmaça ugurlar boýunça sylaglar döredilip bilner:

5.5. Olimpiadanyň netijeleri Eminler toparynyň teswirnamasy bilen resmileşdirilýär we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

5.6. Ýeňijiler we Olimpiadanyň netijeleri baradaky maglumatlar uniwersitetiň we gatnaşyjy bilim edaralarynyň resmi maglumat serişdelerinde ýerleşdirilip bilner.

Habarlaşmak üçin tel.: 39-14-57 (el.tel.: +99365-62-59-33),

39-13-36 (el.tel.: +99365-67-51-31),

39-13-18 (el.tel.: +99364-02-25-21),

39-16-18 (el.tel.: +99361-99-98-99).

E-mail: hngu.olimp@gmail.com