«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň
Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi
Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi
I.Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk – «Döredijilik bäsleşigi») maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.
Bäsleşigiň esasy maksady – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.
II. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiş tertibi
- Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar. Okuwçylaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we berkarar döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we ýasan maketleri degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýat tapgyrlarynyň Guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.
- Döredijilik bäsleşiginiň her tapgyrynda, eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşdyrylýar.
- Döredijilik bäsleşiginiň her bir tapgyrynyň ýeňijileri boýunça degişli resminamalar şol tapgyr tamamlanandan soň, nobatdaky tapgyryň Guramaçylyk toparyna 5 (bäş) günüň dowamynda hödürlenilmelidir:
- eminler toparynyň saýlanan döredijilik işleri boýunça çykaran çözgüdi we her bir işe berlen syn;
- gatnaşyjynyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň ýa-da raýat pasportynyň göçürmesi;
- gatnaşyjynyň okaýan umumybilim berýän orta mekdebiniň müdiri tarapyndan tassyklanan kepilnamasy;
- gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri;
- 3x4 sm ölçegdäki 2 sany fotosuraty.
- Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürleýän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüşleri, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary
- (şol sanda maket görnüşinde), «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent mazmuny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmelidir.
- Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän «Dünýä dursun parahat!» diýen temadaky düzmeleriň möçberi 3 sahypadan köp bolmaly däldir.
- Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän surat eserleri 50x70 sm ölçegdäki kagyza guaş reňkleri arkaly plakat görnüşinde çekilip, çarçuwa salnan (ramkalanan) bolmalydyr. Bäsleşige hödürlenýän maketleriň ölçegi hem 50x70 sm ululykda taýýarlanmalydyr.
- Döredijilik bäsleşiginiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda saýlanyp alnan hem-de jemleýji döwlet tapgyryna hödürlenýän işler welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli ýerli bölümleri we Geňeşleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.
- Döredijilik bäsleşigi aşakdaky tertipde we möhletlerde geçirilýär:
- birinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 1–7-nji oktýabry aralygynda umumybilim berýän orta mekdeplerde geçirilýär. Bu tapgyrda bäsleşigiň yglan edilen ugurlarynyň her biri boýunça tapawutlanan döredijilik işleriniň
- 2-si saýlanylyp alynýar we nobatdaky tapgyra hödürlenilýär;
- ikinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 12–20-nji oktýabry aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilýär. Bu tapgyrda ugurlar boýunça tapawutlanan işleriň
- 3-si saýlanylyp alynýar we indiki tapgyra hödürlenilýär. Ikinji tapgyrda ýeňiji bolan hem-de işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar;
- üçünji tapgyr: 2026-njy ýylyň 3–11-nji noýabry aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Bu tapgyra etrap we şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar. Tapgyrda ýeňiji bolan we işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar. Üçünji tapgyryň ýeňijileriniň işleri 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümine gowşurylmalydyr;
- Jemleýji döwlet tapgyry: 2026-njy ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu tapgyra bäsleşigiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji hem-de 2-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar.
- Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek we eminlik etmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat Eminler topary döredilýär.
- Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda yglan edilen 3 ugruň her biri boýunça degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan döredijilik işleri kesgitlenilýär. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
- Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara gurnaýjy edaralaryň (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň) Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işleri «Güneş» žurnalynyň sahypalarynda çap edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.
«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy: 38-61-70.