42

“Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahaty

merkezi

Türkmen oba hojalyk instituty ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogik işgärlerini 2026-njy ýylyň 17-nji dekabrynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlaryň tezislerini 2026-njy ýylyň 5-nji dekabryna çenli tohi.tm.info@gmail.com elektron poçta ibermeli.

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler:

I bölüm. Genetika we agrobiotehnologiýada innowasiýalar.

II bölüm. Biogorlar, bioremediasiýa we durnuklylyk.

III bölüm. Oba senagat toplumynda bilim we mümkinçilikleri ösdürmek.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti - Times New Roman, ölçegi - 14 pt, setir arasy - 1).

Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramagylyk toparyna degiglidir.

Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://tohi.edu.tm/ web-sahypasynda ýerleşdirilen.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

telefon: (+993322) 9-34-59, +99365941740

elektron poçta: tohi_tm@sanly.tm

“Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny”

atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň

Ş E R T L E R I

1. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň maslahata tabşyrylan tezisleriň awtorlary üçden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.

2. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):

Türkmenistanly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary hasaba alnyş görnüşi (daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin)

Familiýasy
Ady
Atasynyň ady
Wezipesi
Alymlyk derejesi, ady
Işleýän ýeriniň doly ady
Işleýän ýeriniň salgysy (poçtaindeksini hem görkezmeli)
Iş telefony, elektron salgysy
Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl)
Nutugyň tematiki ugry
Nutuk haýsy dilde taýýarlandy

3. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýany (tezis) we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.

3.1. Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.

3.2. Halkara ylmy-amaly maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.

4. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.

5. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.

Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän

T A L A P L A R

1. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlaryny we annotasiýalary guramaçylyk toparyna ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.

2. Shypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.

3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.

4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (.doc we .docx giňeltmesi bilen).

5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:

- awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;

- eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;

- gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;

- nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli.

6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.

7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.

8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.

9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.

10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy-amaly maslahata goýberilmän bilner.

11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.

12. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we “tez” diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – “Ataýew N. tez”. Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli.

13. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy-amaly maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we “reg” diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, “Ataýew N. reg”.

14. Faýllary arhiwirlemeli däl!

Guramaçylyk topary