“Hünär ussatlygy” hünär bäsleşigi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda sagat 8:00-dan 14:00 aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde hünär-tehniki bilim maksatnamasyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ýaşlarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyrynyň geçirilýändigini habar berýär.
Bu bäsleşigiň ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, olaryň saýlap alan kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmekde hem-de zähmete bolan jogapkärçilikli garaýşyny ösdürmekde, şeýle hem ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda berýän oňyn täsirini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu çärä ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyTOMAŞA ETMÄGE çagyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi