«Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada MAGLUMAT
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 13-14-nji maýynda sanly ulgam arkaly «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
Halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar:
I bölüm. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi.
II bölüm. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary.
III bölüm. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri.
IV bölüm. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň ylmy esaslary hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 6-njy maýyna çenli tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we
annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň
möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-58-49, +99362 16-29-75
Elektron salgysy: tsu.international.conference@gmail.com
«Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýän
TALAPLAR
Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri
- Halkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
- Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir çykyşyň gysgaça beýanyny (tezis) hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir.
- Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):
| Familiýasy | |
| Ady | |
| Atasynyň ady | |
| Wezipesi | |
| Alymlyk derejesi, ady | |
| Işleýän ýeriniň doly ady | |
| Işleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde) | |
| Iş we mobil telefony | |
| Tezisiň ady | |
| Tezisiň hödürlenilýän bölümi | |
| Tezis haýsy dilde taýýarlanyldy |
- Halkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümleri:
I bölüm. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi.
II bölüm. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary.
III bölüm. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri.
IV bölüm. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.
- Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Çykyşyň gysgaça beýany halkara ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde ýazylmaly.
- Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
- Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň annotasiýalarynyň terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
- Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlary we annotasiýalary awtoryň işleýän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 2026-njy ýylyň 6-njy maýyna çenli iberilmeli. Hata gatnaşyjynyň çykyşynyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatynyň elektron görnüşleri goşulmaly.
- Iberilen çykyşyň gysgaça beýanynyň ylmylygyna, mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.
- Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşynyň gysgaça beýanynyň, annotasiýalarynyň elektron görnüşini tsu.international.conference@gmail.com salgysyna ibermeli.
Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar
1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.
2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.
4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen).
5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly:
- awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan);
- eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödülenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
- çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
- çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli.
6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.
7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly.
8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär.
10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir.
Üns beriň!
1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc».
2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin,çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.reg.doc».
3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin, «Bäşimow G.T.».
4. Faýllary arhiwlemeli däl.
Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy:
Geldi Bäşimow (Türkmenistan)
BIOTEHNOLOGIÝANYŇ TÄZE USULLARY ESASYNDA EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA BIODÖKÜNI ÖNDÜRMEGIŇ YLMY BARLAGLARYNYŇ NETIJESI
(Tekst: şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1)
EDEBIÝAT
1.
2.
3.
4.
Guramaçylyk topary