24

«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada MAGLUMAT

merkezi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:        Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň      Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 4-5-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiriljek «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.

«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we            4 bölümde öz işini alyp barar:

I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny.

II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri.

III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary.

IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi 14 pt, setir arasy 1.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-67-37 (3161), +99365 50-31-65

Elektron salgysy: tsuecoconference@gmail.com

«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara

ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň

gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýän

TALAPLAR

Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri

Familiýasy
Ady
Atasynyň ady
Wezipesi
Alymlyk derejesi, ady
Işleýän ýeriniň doly ady
Işleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde)
Iş we mobil telefony
Tezisiň ady
Tezisiň hödürlenilýän bölümi
Tezis haýsy dilde taýýarlanyldy

I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny.

II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri.

III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary.

IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti.

Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar

1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda                        1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.

2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm,      sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.

3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.

4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen). 

5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly:

- awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli    (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan);

- eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödürlenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;

- çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;

- çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli.

6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.

7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly.

 8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.

9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär.

10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.

11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.

12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir.

Üns beriň!

1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc».

2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady –       «Bäşimow G.T.has.doc».

3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin,     «Bäşimow G.T.».

4. Faýllary arhiwlemeli däl.

Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy:

Geldi Bäşimow (Türkmenistan)

KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGINIŇ MERKEZI AZIÝANYŇ             ÇÖL SEBITLERINIŇ ÝERÜSTI SUW BAÝLYKLARYNA TÄSIRI

(Tekst: şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1)

EDEBIÝAT

1.

2.

3.

4.

Guramaçylyk topary