30

Bildiriş

merkezi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2026-njy ýylyň maý aýynyň 15-ne ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, informatika, iňlis dili, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy derslerinden “Men geljegiň hünärmeni” atly integrirlenen olimpiadany geçirmekligi meýilleşdirýär.

Her bir gatnaşýan okuwçy (gatnaşyjy) 2026-njy ýylyň 12-nji maýyna çenli https://iuhd.edu.tm/en/academics/olimpiads/HSO/ internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr. Ders bäsleşigi öz işini HYYÖU internet sahypasy we moodle platformasy arkaly geçiriler.

Olimpiadanyň 40 sany test soragy 90 minudyň dowamyndan çözmeklik we 4 sany mesele 60 minudyň dowamynda çözmeklik üçin berilýär. Her bir test soragy 1 ball bilen we herbir mesele 15 ball bahalandyrylýar. Ýagny bäsleşikde maksimum 100 ball gazanmak mümkinçiligi bar. 

Habarlaşmak üçin: 

Tel: +99312 398513; +99312398550

Email: iuhdolympiads@gmail.com