Kliniki merkezler

Ählisini gör ›
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bu ilata, şol sanda aýratyn sosial goraga mätäç çagalara we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlaryna, şeýle-de 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we tylda bolanlara, olaryň yzynda galanlara hem-de Owganystanda gulluk edenlere göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň dürli usullaryny amala aşyrýan täze nesliň klinikasydyr.

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi 6 bölümden: çagalaryň göz kesellerini bejeriş (25 orun), gözüň umumy kesellerini bejeriş (20 orun), gaýragoýulmasyz kömek, lazer, kabul ediş we barlamhana bölümlerinden ybarat.

Kabul ediş bölüminiň düzüminde döwrebap enjamlar: foropter, awtorefraktometr, pnewmotonometr, yş çyrasy, sinoptofor, ambliokor, akkomodotrener bilen enjamlaşdyrylan çagalaryň görüşini saklaýan 2 otag işleýär. Türkmenistanda ilkinji gezek täze doglan bäbekleriň agyr patologiýalaryny, köplenç ýetik däl çagalaryň görüşiniň ýitmegine – retinopatiýa getirýän agyr patologiýalary irki döwürlerde anyklamaga, gündelik gözegçilik etmäge we bejergä baha bermäge niýetlenen iň täze retinal pediatrik ulgam “RetCam” enjamy goýlan. Şeýle-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde täze ultrases apparaty “AVISO” (Fransiýa), “HRT-3” (Germaniýa); “Spectralis OCT HRA” (Germaniýa) bilen enjamlaşdyrylan anyklaýyş otagy hem hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde döwrebap enjamlaşdyrylan fiziobejeriş otagy hem bar. Umumy agyrysyzlandyrma bilen çagalarda operasiýalaryň ähli görnüşleriniň şowly geçmegi “DRAGGER” (Germaniýa) enjamynyň kömegi bilen üpjün edilýär. Bu täze enjamlaryň ählisi göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işlemäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.

Merkeziň işinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda oftalmologlar we Göz keselleri kafedrasynyň işgärleri bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumyny geçirmek bilen, çagalaryň görüşini goramagyň üstünlige eýe bolýan meselelerine uly üns berilýär. Bu öz gezeginde Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli edaralarynda we orta mekdeplerinde işlenip düzülen öňüni alyş hem-de usuly maksatnamalary ornaşdyrmak maksady bilen, çagalar baglarynyň taýýarlyk toparlarynyň terbiýeçileri we mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary bilen wagtly-wagtynda maslahatlary geçirip durmaga, şeýle-de okuw hem-de terbiýeçilik wagtyndan aýrylmasyz göz keselleriniň skriningini hem-de monitoringini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň işgärleriniň maksada okgunly işlemekleri refraksiýanyň anomaliýalarynyň we beýleki göz keselleriniň döremegine ýykgyn çagalaryň howp toparyny ir ýüze çykarmaklygyny, şeýle-de olary öz wagtynda bejermegi hem-de gaýra üzülmeleriniň öňüni almagyny üpjün edýär.

 

 

Ylmy-barlag işlerde lukmançylygyň ylmy taýdan esaslandyrylan täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen ýokary derejeli şowakörlügiň, çaşylygyň, dogabitdi kataraktanyň we glaukomanyň, täze döremeleriň, alawlama we distrofik keselleriň hem-de çagalaryň görüş agzasynyň beýleki patologiýalarynyň öňüni almaklyga, anyklamaklyga we bejergisine aýratyn üns berilýär. Dogabitdi glaukomanyň we çaşylygyň hirurgik bejergisinde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Russiýaly oftalmologlar bilen bilelikde ysmaz we burun tarapa gidýän çaşylygyň hirurgik bejergisiniň täze usullary işlenip düzüldi (Oýlap tapyşyň patentleri №2483699; №2584077).

Merkeziň ýokary derejeli hünärmenleri Göz keselleri kafedrasynyň mugallymlary bilen bilelikde daşary ýurtly kärdeşlerimiziň tejribelerini giňden ulanmak bilen, bejeriş-maslahat beriş, usuly we ylmy-barlag işlerini anyp barýarlar. Oftalmologiýa ylmyny we ýaşlaryň hünär tejribelerini ösdürmek maksady bilen halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýar. 2019-njy ýylyň martynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasy bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň arasyndaky gol çekilen ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde ýaş türkmen oftalmologlarynyň diplomdan soňky hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça meýilnama we olaryň halkara ylmy-amaly maslahatlara hem-de forumlara gatnaşmaklygy üstünlikli amala aşyrylýar.

 

 

Doly gör ›
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde iň ýokary tehniki we hünär derejesinde ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.

Bu ýerde stomatologiýa fakultetiniň talyplary üçin ýörite interaktiw multimediýa tagtalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany beýan zallary, Ortopediýa we hirurgiýa stomatologiýasy kafedrasynyň, Terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň, Çaga stomatologiýasy we Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedralarynyň okuw we bejeriş otaglary, innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany fantom otaglary göz öňünde tutulan.

 

Merkeziň düzümine bäş bölüm, ýagny çagalar, terapewtik, hirurgik, ortopedik stomatologiýa we funksional anyklaýyş bölümleri girýär. Merkeze näsaglaryň ilkinji ýüz tutmagy gigiýeniki otagdan başlanýar. Bu ýerde çagalara agyz boşlugynyň gigiýenasy üçin serişdeleri saýlap almagy we olardan dogry peýdalanmagy öwredilýar. 

Merkezde fitobejergi otagy bolup, bu ýerde dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen “Irrigator” enjamyndan giňden peýdalanylýar. Rentgenologik otagda ýokary hilli rentgen suratlary almak üçin äň-ýüz töwereginiň üç ölçegli rentgen suratyny alýan enjamlaryň birnäçe görnüşleri bolup, olar ýokarky we aşaky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýärler.

 

                           

 

Ortopedik stomatologiýa bölüminde CAD/CAM otagy ýerleşdirilen. CAD/CAM enjamynyň kömegi bilen keramiki, plastmas, metaldan aýrylmaýan gurnamalary taýýarlap bolýar. Bular koronkalar, dolduryjylar, winirler, hususy abatmentler, köpri görnüşli protezlerdir. Bu tehnologiýanyň ulanylyşynyň gerimi hemişe giňelýär. Operasion blokdan we hirurgik otagdan ybarat hirurgik stomatologiýa bölümi Germaniýanyň meşhur «SIRONA» kompaniýasynyň “Intego” stomatologik enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi çaga, terapewtik, ortopedik we hirurgik stomatologiýa ugurlarynda stomatolog lukmanlary diplomdan öňki we diplomdan soňky taýýarlygy üçin okuw-bejeriş we ylmy işleri geçirmek boýunça binýat bolup hyzmat edýär. Merkeziň lukmanlary kafedranyň mugallymlary bilen birlikde mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň öňüni alyş barlaglaryny geçirmekde uly işler geçirýärler. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümlikleri ulanmak bilen dişleriň kariýesini anyklamak, onuň öňüni almak, parodont kesellerini bejermek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Merkezde şu günki gün lukmanlar öz näsaglaryna iň ýokary hünär we tehniki derejede ýöriteleşdirilen stomatologik hyzmatlaryň giň gerimini hödürläp bilýärler. Merkeziň işgärleri halkymyzyň saglygyny berkitmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

 

Doly gör ›
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

 

 

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky №14334 belgili “Lukmançylyk edaralaryny döretmek baradaky” Karary bilen 2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.

Bu merkezde işler üç ugur: pediatriýa, perinatologiýa we hirurgiýa ugurlary boýunça alnyp barylýar. Merkez 275 orunlyk bolup, onda 15 sany bölüm hereket edýär. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen enelere we çagalara ýokary derejeli kömek berilýär.

Ýurdumyzda perinatal kömegi sebitleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda, bu merkez IIIA derejeli diýlip bellenildi. Merkezde pes agramly doglan we dürli agyr ýagdaýlary bolan bäbeklere kömek berilýär. Bejeriş işleri merkezde alnyp barylýan ylmy işlere laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa näsag çagalara ýokary derejeli kömek bermekde, şeýle-de çaga keselçiligini hem-de ölümçiligini peseltmekde giňden ýardam berýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň esasy ylmy ugry “Pes agramda doglan bäbekleri alyp barmagyň we uýgunlaşma mehanizminiň hilini gowulandyrmak”.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu merkez ylmy we amaly taýdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işleri alyp barýar.

Merkeziň çäginde ýerleşen kafedralarda uniwersitetiň we lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary, intern lukmanlar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar we dürli ugurly hünärmenler üçin nazary we amaly sapaklar geçirilýär.

Göwreli aýallara we täze doglan bäbeklere berilýän kömegi kämilleşdirmek üçin talyplar, intern lukmanlar we ýaş hünärmenler ýörite döwrebap simulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan otagda (fantom otagy) amaly endikleri özleşdirilýär.

Işler merkezde Türkmenistanda kabul edilen, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen “Howpsuz enelik”, “Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy”, “Ene süýdi bilen emdirmekligi goramak we ony goldamak”, “Çagalaryň kesellerini bütewi usulda alyp barmak”, “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak” Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” usulyýet otagynda pes agramly doglan bäbekleriň ene-atalary bilen maslahat işleri we pes agramly çagalar bilen dikeldiş çäreleri geçirilýär.

Ýaş lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda telemedisinanyň mümkinçilikle­rinden peýdalanyp, kafedralaryň professor-mugallymlar düzümi we merkeziň alyp ba­ryjy hünärmenleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden agyr we çylşyrymly lukmançylyk ýagdaýlary boýunça näsaglara maslahat berýärler.

 

 

Doly gör ›
Habarlar

Soňky habarlar

Ählisini gör ›
Bildirişler

Soňky bildirişler

Ählisini gör ›
📅 07.05.2026

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasy

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça DÜZGÜNNAMA Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky 1565 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. 1. Umumy düzgünler Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny (mundan beýläk – Internet-olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Internet-olimpiadanyň esasy maksady talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek; - tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek; - ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek. 2.Internet-olimpiadanyň wezipeleri: - häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek; - sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek; - zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek. 2. Internet-olimpiadasynyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi 2.1. Internet-olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. 2.2. Guramaçylyk topary: - Internet-olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar; - Internet-olimpiadasyny geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar; - Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler boýunça olimpiada ýumuşlaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar; - Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arz-şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar. 3. Talyplaryň Internet-olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi 3.1. Internet-olimpiada umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumlarynyň “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça ýumuş işlemek görnüşinde (Online tertibinde) geçirilýär. 3.2. Internet-olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň pudak tabynlygyna we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler. 3.3. Internet-olimpiadasynyň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir. 3.4. Internet-olimpiada öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri görkezen talyplar gatnaşyp biler. Talyplaryň sany çäklendirilmeýär.3.5. Internet olimpiada 2026-njy ýylyň maý aýynyň 26-syna, Aşgabat wagty bilen sagat 10 00 -da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli. Olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň, ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 40 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumşyň nomerini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde TDS-nyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary optimal (gysga we çalt) usulda çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Iň ýokary mümkinçilik – 100 ball. 3.6. Internet-olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirilýär. 3.7. Internet-olimpiadasynyň Eminler toparyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýär hem-de olimpiadanyň ýeňijilige dalaşgärlerini anyklaýar. Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory tarapyndan tassyklanýar. 3.8. Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň topar ýolbaşçysynyň üsti bilen arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr. 3.9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi üýtgewsizdir. 4. Internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 4.1. “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet- olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. 4.2. Internet-olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. 4.3. Internet-olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty

Ählisini gör ›
📅 01.05.2026

«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada MAGLUMAT

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:        Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň      Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 4-5-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiriljek «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri. «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we            4 bölümde öz işini alyp barar: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-67-37 (3161), +99365 50-31-65 Elektron salgysy: tsuecoconference@gmail.com«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýänTALAPLARHalkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleriHalkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir çykyşyň gysgaça beýanyny (tezisini) hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir.Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):FamiliýasyAdyAtasynyň adyWezipesiAlymlyk derejesi, adyIşleýän ýeriniň doly adyIşleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde)Iş we mobil telefonyTezisiň adyTezisiň hödürlenilýän bölümi Tezis haýsy dilde taýýarlanyldyHalkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümleri: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Çykyşyň gysgaça beýany halkara ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde ýazylmaly.Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň annotasiýalarynyň terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlary we annotasiýalary awtoryň işleýän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen 2026-njy ýylyň               15-nji maýyna çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine iberilmeli. Hata halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatlarynyň elektron görnüşlerini goşmaly.Iberilen çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň ylmylygyna, mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň, annotasiýalarynyň elektron görnüşini tsuecoconference@gmail.com salgysyna ibermeli.Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar 1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda                        1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm,      sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen).  5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly: - awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli    (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan); - eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödürlenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli. 6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly.  8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir. Üns beriň! 1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc». 2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady –       «Bäşimow G.T.has.doc». 3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin,     «Bäşimow G.T.». 4. Faýllary arhiwlemeli däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy: Geldi Bäşimow (Türkmenistan) KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGINIŇ MERKEZI AZIÝANYŇ             ÇÖL SEBITLERINIŇ ÝERÜSTI SUW BAÝLYKLARYNA TÄSIRI (Tekst: şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1) EDEBIÝAT 1. 2. 3. 4. Guramaçylyk topary  

Ählisini gör ›
8
Fakultetler
56
Kafedralar
11
Hünärler
3
Ugurlar
3
Kliniki merkezler
473
Mugallymlar
5858
Talyplar